Azerbaýjan ABŞ-nyň Senadynyň ermeni tezislerini ykrar edýän kararyna reaksiýa bildirdi

"ABŞ-nyň Senadynyň karary syýasy basyş maksady bilen kabul edilen karardyr”

1323212
Azerbaýjan ABŞ-nyň Senadynyň ermeni tezislerini ykrar edýän kararyna reaksiýa bildirdi

Azerbaýjanyň Daşary işler ministrligi, ABŞ-nyň Senadynyň 1915-nji ýylda başdan geçirlen wakalar hakyndaky ermeni tezislerini ykrar edýän kararyny, bilkastlaýyn we asylsyz resminama hökmünde häsiýetlendirdi.

Azerbaýjanyň Daşary işler ministrliginden berlen ýazmaça beýanatda, ady agzalýan kararda asylsyz we taryhy hakykatlara gapma garşy bolan esassyz garaýyşlara ýer berilmeginiň, şol kararyň ünsiz taýarlanandygyny we diňe ermeni lobisiniň bähbidine hyzmat edýändigini subut edýändigi nygtaldy.

Beýanatda, taryhyň taryhçylar tarapyndan obýektiw ýagdaýda serjerilmelidigi ýatladyldy.

Beýanatda “ABŞ-nyň senady 1 asyr ozal başdan geçirlendigi öňe sürülýän wakalary syýasy taýdan analiz edýändigine garamazdan Ermenistanyň Azerbaýjana garşy guraýan harby hüjümini, basyp alyşlyk astyndaky ýerlerde 1 milliondan gowrak azerbaýjanla garşy edilýän etniki arassaçylygyny we Hojalygy gyrgynçylygyny bolsa görmediksireýär we iki ýüzli çemeleşýär. Şol karary bilkastlaýyn we asylsyz resminama hökmünde analis edýäris. ABŞ-nyň Senadynyň karary syýasy basyş maksady bilen kabul edilen karardyr” diýildi.

 

 



Degişli Habarlar