Azerbaýjanda türk filmleriniň hepdeligi geçirilýär

Nizami kino merkezinde geçirilýän çärä Türkiýeden ussat aktýorlar, aktrisalar, režisýorlar gatnaşdy

1312422
Azerbaýjanda türk filmleriniň hepdeligi geçirilýär

 

Azerbaýjanyň paýtagty Bakuda 5-nji türk kino filmleriniň hepdeligi režisýor Şükrü Alaçamyň  “Lojman” filminiň görkezilmegi bilen başlady.

Nizami kino merkezinde geçirilýän çärä Türkiýeden ussat aktýorlar, aktrisalar, režisýorlar gatnaşdy.

Adalat we ösüş partiýasynyň Ordu halk deputaty Metin Gündogdu, çärede eden çykyşynda, 5 ýyl ozal başladylan film hepdeliginiň Azerbaýjanda türk filmlerine bolan gyzyklanmanyň artmagynda esasy orun eýeleýändigini aýtdy

Gündogdu, Türkiýedäki täze kino filmleriň Azerbaýjanda görkezilýändigini aýratyn belledi.

29-njy noýabra çenli dowam etjek çärede “Kapan”, “Annem” we “Rafadan Taýfa” ýaly filmler görkeziler

 

 

 

 



Degişli Habarlar