Wise-prezident Fuat Oktaý Azerbaýjanda saparda bolýar

Fuat Oktaý VIII Türkiýe-Azerbaýjan bileleikdäki ykdysady komissiýa maslahatyna gatnaşmak üçin düýn Azerbaýjanyň paýtagty Baku şäherine bardy

1270094
Wise-prezident Fuat Oktaý Azerbaýjanda saparda bolýar

Oktaý, saparynyň ilkinji gününde ýagny şu gün ilki bilen Azerbaýjanyň merhum Prezidenti Haýdar Aliýewiň guburynyň ýerleşýän ýeri bolan Fahri Hyýaban döwlet gonamçylygyna bardy.

Haýdar Aliýewiň guburyna gül desselerini goýan Oktaý, soň bolsa 20-nji ýanwar şehitleriniň ýerleşýän ýeri bolan Baku Şehitligindäki Baky Ot ýadygärligine gül desselerini goýdy, ol ýerde doga okady.

Soň bolsa Bakudaky Türk Şehitler gonamçylygyna geçen Oktaý, ol ýere hem gül desselerini goýdy we ýadygärlik depdere gol çekdi.

Oktaý, ondan soň bolsa şehit bolanlaryň guburlaryna gwozdika güllerini goýdy.

Oktaý düýn agşam bolsa Türkiýäniň Baku şäherindäki ilçihanasynda Azerbaýjanda iş alyp barýan türk işewür adamlar bilen duşuşyk geçirdi.

Oktaý ol ýerde eden çykyşynda: “Prezidentimiz Hormatly Rejep Taýýip Erdoganyň we Azerbaýjanyň Prezidenti Hormatly Ilham Aliýewiň bilelikde kesgitlän bir maksat bar. 15 milliard dollarlyk söwda kuwwady. Bu maksat 2023-nji ýyl hökmünde kesgitlendi. Biz meselä diňe öz söwda kuwwadymyzy özgertmek hökmünde garamaýarys. Şol bir wagtda hem Azerbaýjanyň hem-de Türkiýäniň söwda kuwwadynyň has özgerdilmegi, tortyň ulaldylmagy bilen bagly maksadymyz bar. Azerbaýjanyň 23-24 milliard dollar bolan söwda kuwwadynyň 2 esse ulalmagy iň uly arzuwymyzdyr” diýip habar berdi.


Etiketkalar: #Azerbaýjan , #Fuat Oktaý

Degişli Habarlar