Özbegistanda Halkara Dokma önümleri maslahaty geçirildi

Özbegistanyň Wise-premýeri Elýar Ganiýew, şu ýyl dokma önümleriniň eksportyny 2 milliard dollara ýetirmegi maksat edinýändiklerini habar berdi

1267047
Özbegistanda Halkara Dokma önümleri maslahaty geçirildi

Daşkentde başlan Global Dokma önümleri günleri dabaralarynyň çäginde gurnalan II Halkara Dokma önümleri maslahatyna dünýäniň 20-ä golaý ýurdundan 100-den gowrak resmi we hünärmen gatnaşýar. 

Maslahatyň açylyşynda çykyş eden Özbegistanyň Wise-premýeri Elýar Ganiýew, ozal arassa pagta eksport eden Özbegistanyň, indi dokma pudagyny ösdürip we uly maýalar goýup, dokma pudagynda möhüm bir ýer eýelemäge tagalla edýändigini habar berdi. Ýurtda maýa goýum we hyzmatdaşlyk gurşawyny gowylamaga uly ähmiýet berýändiklerini aýdan Ganiýew, şonuň netijesinde dokma pudagynyň ýurtda iň köp maýa goýulan we eksport eden pudak bolmagy başarandygyny aýan etdi. 

 


Etiketkalar: #maslahat , #dokma , #Özbegistan

Degişli Habarlar