Hazar deňzine gaçan Azerbaýjanly uçarmanyň jesedi tapyldy

Mig 29 kysymly harby uçar, 24-nji iýulda agşamara tälim uçuşyny amala aşyrýarka Hazar deňzine gaçypdy

1255582
Hazar deňzine gaçan Azerbaýjanly uçarmanyň jesedi tapyldy

 

Azerbaýjanda tälim uçuşyny amala aşyrýarka Hazar deňzine gaçan harby uçaryň uçarmanynyň jesedi tapyldy

Azerbaýjanyň Goranmak ministrliginden berlen beýanatda, gözleg işleriniň netijesinde uçarman Reşat Atakişiýewiň jesediniň tapylandygy we denizden çykarlandygy nygtaldy

Atakişiýewiň ertir jaýlanjakdygy ýatladyldy

Uçaryň tapylmagy üçin geçirlen gözleg işlerine Türkiýe Respublikasynyň Deňiz güýçleri serkerdeligine degişli 10 adamlyk Suwasty gözleg we halas ediş topary hem goldaw beripdi.

Azerbaýjanyň Goranmak ministrligi beren goldawlary üçin Türkiýä sag bolsun aýtdy.

Azerbaýjanyň Howa güýçlerine degişli Mig 29 kysymly harby uçar, 24-nji iýulda agşamara tälim uçuşyny amala aşyrýarka Hazar deňzine gaçypdy

 

 


Etiketkalar: #jeset , #uçarman , #Azerbaýjan

Degişli Habarlar