Ermenistanly bir esger Azerbaýjana gaçdy

Ermenistan-Azerbaýjan front liniýasynda gulluk edýän harby birikmesindäki basyşlara çydamadyk ermenistanly esger Azerbaýjana sygyndy

1251952
Ermenistanly bir esger Azerbaýjana gaçdy

Azerbaýjanyň Goranmak ministrliginden berilen beýanata görä, front liniýasynyň Fuzuli sebitine degişli harby birikmeden gaçan Aro Kazarýan atly ermenistanly esger, Azerbaýjanyň esgerleri tarapyndan saklandy.

Kazarýanyň soraga çekilen mahaly beren jogabynda özüne garşy rehimsizlik bilen daralandygy sebäpli harby birikmesinden gaçandygyny aýan etdi.

Kazarýanyň ofiserleri we beýleki esgerler tarapyndan fiziki we psihiki basyşlara sezewar galandygy, endam-janynyň bolsa ýaradan doludygy beýan edildi.

Ministrlik bejergi astyna alynan ermenistanly esger Kazarýanyň suratlaryny hem paýlaşdy.



Degişli Habarlar