Özbegistanyň içerki milli girdejisi 5,8 göterim ýokarlady

Özbegistanyň içerki milli girdejisi ýylyň birinji ýarymynda 5,8 göterim ýokarlap, 222 trillion 22 milliard soma deň boldy

1242939
Özbegistanyň içerki milli girdejisi 5,8 göterim ýokarlady

Özbegistanyň Döwlet Hasabat guramasy ýylyň birinji ýarymyna degişli içerki milli gördejileriň görkezijilerini çap etdi.

Maglumata görä 2019-njy ýylyň ýanwar-iýun aýlarynyň aralygynda ýurtda içerki milli girdeji geçen ýylyň degişli döwrüne görä 5,8 göterim ýokarlap, 26 milliard dollara barabar boldy.

Degişli döwürde senagat pudagy 6,9, oba hojalyk, tokaý hojalygy we balyk hojalygy pudaklary bolsa 2,1, gurluşyk pudagy 20, transport we logistika pudaklary 5,1, hyzmatlar pudagy bolsa 4,1 göterim ösüş etdi.

Özbegistanyň hökümet üstümizdäki ýylyň dowamynda ýurduň milli çerki girdejisiniň ortaça 5,1 göterim ösmegini göz öňünde tutýar. Bütindünýä bankynyň täzelenen Global ykdysdy çaklamalar habarnamasynda-da Özbegistanyň içerki milli girdejisiniň 2019-njy ýylda 5,3 göterim ösjekdigi çaklanylýar.



Degişli Habarlar