"Türkiýe Gyrgyz Respublikasy üçin doganlyk we dost ýurt"

Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sooronbaý Jeenbekow, Türkiýäniň Gyrgyz Respublikasy üçin doganlyk we dost ýurtdygyny belledi

1241040
"Türkiýe Gyrgyz Respublikasy üçin doganlyk we dost ýurt"

 

Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sooronbaý Jeenbekow iş sapary bilen Bişkege baran Adalat we ösüş partiýasynyň Ankara halk deputaty Turgul Türkeşi kabul etdi.

Prezident Jeenbekow kabul edilşikde özara gatnaşyklaryň ösmeginden hoşaldygyny belledi we Türkiýäniň Gyrgyz Respublikasy bilen doganlyk we dost ýurdygyny nygtady

Türkiýe bilen Gyrgyz Respublikasynyň arasyndaky Ýokary derejeli strategik hyzmatdaşlyk geňeşiniň maslahatynyň 4 ýyl soň geçen ýyl geçirlendigini ýatladan Jeenbekow, ýurtlaryň arasyndaky ykdysady we söwda gatnaşyklarynyň güýçlenmek bilen dowam etdirilmelidigine ünsi çekdi.

Adalat we ösüş partiýasynyň Ankara halk deputaty Turgul Türkeş hem kabul edilşik üçin Preizdent Jeenbekowa minnetdarlyk bildirdi we parlamentara gepleşikleriň iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ösmegine itergi berjekdigini belledi.

 



Degişli Habarlar