Mustafa Akynjy we Nikos Anastasiadis awgust aýynda özara duşuşyk geçirerler

DKTR-nyň prezidenti Mustafa Akynjy bilen Kipriň Grek böleginiň lideri Nikos Anastasiadis 9-njy awgustda anna güni özara duşuşyk geçirerler

1240187
Mustafa Akynjy we Nikos Anastasiadis awgust aýynda özara duşuşyk geçirerler

DKTR-nyň Prezident Diwany tarapyndan berilen ýazmaça beýanatda, Akynjy bilen Anastasiadisiň 9-njy awgustda anna güni sagat 10:30-da  resmi bolmadyk gepleşikler üçin duşuşyk geçirjekdikleri mälim edildi. 

DKTR-nyň prezidenti Mustafa Akynjy, 13-nji iýulda BMG-nyň Kipr boýunça ýörite wekiliýetiniň üsti bilen Nikos Anastasiadise Ortaýer deňiziniň gündogaryndaky uglewodorodlar babatynda umumy toparyň döredilmegi babatynda täze bir teklip hödürläpdi. 

Mustafa Akynjynyň teklibi, uglewodorod meselesiniň bir dartgynlyga ýa-da çaknyşyga sebäp bolmadan netijeli bir hyzmatdaşlyga öwürmegi göz öňünde tutýar. 

Bu teklip bolsa Kipriň grek zolagynyň syýasy partiýalary tarapyndan ret edilipdi.

 



Degişli Habarlar