DKTR-da partlama boldy

Demirgazyk Kipr Türk Respublikasynyň paýtagty Nikosiýa bilen Girne şäheriniň arasyndaky Taşkent obasynyn golaýyna bir jisimiň gelip düşmeginden soň partlama boldy

1227695
DKTR-da partlama boldy

Partlamadan soň ilatsyz meýdanda ýangyn başlady.

Howpsyzlyk güýçleri tarapyndan gurşaw astyna alynan zolakda güýçli ýangynyň dowam edendigi habar berildi.

Wakanyň bolan ýerine baran DKTR-nyň Wise-premýeri we Daşary işler ministri Kudret Özersaý geçiren barlaglaryndan soň beren beýanatynda; “İlkinji netijeler partlama sebäp bolan jisimiň özboluşlygynyň partlaýyjy göterýän howa ulagy ýa-da gönüden göni partlaýyjydygyny görkezýär. Galyndylaryň üstündäki ýazgylar we beýleki tapyndylar gysga möhletde näme bolandygyna göz ýetirmegimizi üpjün eder” diýdi.

Haýsydyr bir adam pidasyna ýa-da ýaralanma sebäp bolunmandygyny beýan eden Özersaý, ýangyn söndüriş gullugynyň ýangyny gözegçilik astyna alandygyny aýtdy.

Wakanyň bolan ýerinde geçirilen derňew işinde bir dronyň hereketlendirijisiniň galyndylary tapyldy.

Galyndylaryň üstündäki rusça ýazgylar ünsleri çekdi.

Prezidenti Mustafa Akynjy, Türkiýäniň DKTR-daky İlçisi Ali Murat Başçeri we Howpsyzlyk güýçleriniň Serkerdesi general Tewfik Algan hem wakanyň bolan ýerine baryp gördüler.

Akynjy: “Sebitdäki söweşiň biziň paýymyza düşýän erbet netijlerinden biri. İlkinji kesgitleme hökmünde şuny aýdyp bileris” diýdi.


Etiketkalar: #jisim , #partlama , #DKTR

Degişli Habarlar