Gazagystanyň Aris şäherinde partlama boldy

Partlamadan soň ýüze çykan ýangynda 16 adam ýaralandy

1224071
Gazagystanyň Aris şäherinde partlama boldy

Gazagystanyň Aris şäherinde ok-däri ammarynda yzly-yzyna partlama boldy.

Partlamadan soň ýüze çykan ýangynda ilkinji kesgitlemelere görä 16 adam ýaralandy.

Waka sebäpli hadysanyň bolan ýerine köp sanda ýangyn söndüriji we tiz kömek ulagy gönükdirildi.

Gazagystanyň prezidenti Kasym Jömert Tokaýew, sosial mediadan beren beýanatynda, partlamanyň sebäp bolan weýrançylygyň ortadan aýrylmagy we gerek bolan çäreleriň görülmegi üçin ýurdyň Goranmak we Içeri işler ministrliklerine buýruk berendigini habar berdi.

Tokaýew: “Halkyň howpsyzlygy üpjün edilmeli we partlamanyň näme sebäpli bolandygy derňelmeli” diýip belledi.

Sebitde adatdan daşary ýagdaý yglan edildi.

43 müň ilatly Aris şäheriniň ýaşaýjylary howpsyz ýerlere göçürilmäge başlandy.

Ýurdyň Goranmak ministri Nurlan Ýermekbaýew sebite bardy.

Goranmak ministriniň orunbasary Bakit Kurmanbaýew, ministrlik tarapyndan döredilen komissiýanyň sebite iberilendigini, Ýaragly güýçleriň ýörite toparynyň wakanyň bolan ýerinde howpsyzlygy üpjün edýändigini belläp: “Halkyň dowula düşmeden bellenen howpsyz nokatlara barmaklaryny isleýäris” diýdi.



Degişli Habarlar