Türkiýe Gyrgyz Respublikasyna FETÖ meselesinde nägilelik bildirdi

"Agzaçara Fetullahçy terror guramasy FETÖ-niň ýolbaşçylarynyň hem çagyrylmagy kabul edilip bilinmez"

1200628
Türkiýe Gyrgyz Respublikasyna FETÖ meselesinde nägilelik bildirdi

 

Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Hami Aksoý, Gyrgyz Respublikasynyň Başmüftüliginde berlen agzaçara Fetullahçy terror guramasy FETÖ-niň ýolbaşçylarynyň hem çagyrylmagynyň kabul edilip bilinmejekdigini aýtdy.

Hami Aksoý “Gyrgyz Respublikasynyň Başmüftüliginde berlen agzaçara Fetullahçy terror guramasy FETÖ-niň şol ýurtdaky ýolbaşçylarynyň hem çagyrylmagy kabul edilip bilinmez. Şol agzaçara çagyrlan Bişkekdäki ilçimiz ýagdaýa göz ýetiren badyna degişli jogaby beripdir” diýdi.

FETÖ-niň daşary ýurtlarda alyp barýan işlerine garşy göreşe uly ähmiýet berýändiklerini aýdan Aksoý, “Terror guramasy FETÖ-niň nähili howplydygy iş alyp barýan ýurtlaryndaky ýolbaşçylara birnäçe gezek düşündirildi. Bu meselede biz dost ýurtlaryň diňe resmi ýolbaşçylarynyň däl eýsem ähli milli guramalarynyň hem ünsli çemeleşmegine garaşýarys” diýdi.

 



Degişli Habarlar