Mewlüt Çawuşogly DKTR-de saparda bolýar

Türkiýäniň Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly, Kiprdäki türk halkynyň hemişelik çözgüt üçin öz üstüne düşýänini edýändigini nygtady

1194955
Mewlüt Çawuşogly DKTR-de saparda bolýar

Çawuşogly, DKTR-e guran saparynyň çäginde “Global žurnalistler geňeşiniň media duşuşygy” atly konferensiýa gatnaşdy.

Mewlüt Çawuşogly, Kipr dawasynyň örän gowy edip düşünilmegi babatynda ady agzalan maslahatyň möhümdigine ünsleri çekip, 60 ýyla golaý wagt bäri Kiprdäki türk halkynyň, syýasy deňsizlige garşy hemişelik bir çözgüt üçin öz üstüne düşýänini edýändigini belledi.

Bu wagt aralygynda köp sanda gepleşikleriň we meýilnamalaryň geçirilendigini aýdan Çawuşogly, entek hemişelik çözgüde ýetilmändigini nygtady.

Ministr Çawuşogly, çözgütde aýagyny süýreýäniň grek tarapy bolandygyny aýdyp: “Türkiýe, DKTR we Kiprdäki türk halky, hemişe çözgüdiň tarapdary bolupdy, emma şu günki gün çözgüt ýok bolsa, soňky 5 ýylda daşary işler ministri hökmünde ýakyndan gözegçilik edişime görä, onuň sebäbi grek tarapynyň hiç zady Kiprdäki türk halky bilen paýlaşmak islemeýänliginden gözbaş alýar” diýdi.

Grek tarapynyň Ženewa we Krans-Montanada geçirilen konferensiýalarda iki tarapyň gazanan ugurlaryndan hem yza ädim edendigini görýändiklerini aýdan Çawuşogly, şu gün BMG-nyň habarnamasynyň, täze gepleşikleriň başlamagy üçin umumy bir islegiň ýokdugyny belländigini habar berdi.

Grek tarapynyň Kipriň töweregindäki ätiýaçlary Kipr türkleri bilen paýlaşmak islemeýändigini aýdan Çawuşogly, ähli platformalarda grek tarapynyň birtaraplaýyn işlerine garşydyklaryny we Kiprdäki türk tarapynyň hukuklarynyň kepillik astyna alynmagynyň gerekdigini aýdandyklaryny ýatlatdy.



Degişli Habarlar