Siriýa temaly 12-nji maslahat Astanada öz içine başlady

Siriýa temaly 12-nji maslahat hemaýatkär ýurtlar Türkiýäniň, Russiýanyň we Eýranyň arasynda öz içine başlady

1189761
Siriýa temaly 12-nji maslahat Astanada öz içine başlady

Gazagystanyň paýtagty Nur Soltanda Siriýa temaly 12-nji maslahat hemaýatkär ýurtlar Türkiýäniň, Russiýanyň we Eýranyň arasynda öz içine başlady.

Maslahatyň çäginde Türkiýe wagty bilen 08.00-da ilki Russiýanyň we Eýranyň wekilleri duşuşdy.

Konstitutsiýa komitetiniň döredilmegi baradaky işleriň tamamlanmagy we etaba täze synçy döwletleriň degişli bolmagy ýaly meseleler duşuşygyň gün tertibinde esasy orun eýeleýär.

Rus wekiliýetine Prezident Wladimir Putiniň Siriýa boýunça ýörite wekili Aleksander Lawrentiýew, Eýranyň wekiliýetine bolsa Daşary işler ministriniň kömekçisi Ali Aşgar Hadiži, türk wekiliýetine bolsa Daşary işler ministriniň orunbasary Sedat Önal ýolbaşçylyk edýär

Gazagystanyň Daşary işler ministrliginden berlen beýanata görä, Siriýa temaly 12-nji maslahata BMG-nyň Siriýa boýunça ýörite wekili Pedersen hem gatnaşar

Siriýanyň hökümetiň we harby oppozisionerleriň wekilleri bolsa maslahatyň ertirki oturlyşygyna gatnaşar.

Maslahatda İdlibdäki çaknyşyksyz zolak, Siriýanyň demirgazyk gündogarynda başdan geçirilýän wakalar, çaknyşýan taraplaryň arasynda ynamy artdyryjy çäreleriň görülmegi, bosgunlaryň öýlerine gaýdyp barmagy ýaly meseleler hem ara alnyp maslahatlaşylar

Türkiýäniň, Russiýanyň we Eýranyň hemaýatkärligindäki Astana gepleşikleri 2017-nji ýylyň ýanwar aýyndan bäri geçirilýär.

 

 

 

 

 

 

 

 

 



Degişli Habarlar