Azerbaýjan, Ermenistan we Russiýa bilen Daglyk Garabag meselesini ara alyp maslahatlaşar

Daglyk Garabag hukuky taýdan Azerbaýjanyň serhetlerinde ýerleşýär emma Ermenistan tarapyndan basylyp alyndy

1181475
Azerbaýjan, Ermenistan we Russiýa bilen Daglyk Garabag meselesini ara alyp maslahatlaşar

Azerbaýjanyň Daşary işler ministri Elmar Memmedýarow bilen Ermenistanyň Daşary işler ministri Zohrab Mnatsakanýan, Russiýanyň Daşary işler ministri Sergeý Lawrowyň gatnaşmagynda 15-nji aprelde Russiýanyň paýtagty Moskwada duşuşar.

Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew bilen Ermenistanyň Premýer ministri Nikol Paşinýan 29-njy martda Awstriýanyň paýtagty Wenada duşuşypdy, duşuşykdan soň liderler daşary işler ministrlerine gepleşik etabynyň dowam etdirilmegi üçin ýakynda ýaňadandan duşuşmaklary barada görkezme beripdi.

Daglyk Garabag meselesi;

 Daglyk Garabag hukuky taýdan Azerbaýjanyň serhetlerinde ýerleşýär emma Ermenistan tarapyndan basylyp alyndy.

Sowet Soýuzynyň 1991-nji dargamagyndan soň, Günorta Kawkaz respublikalarynyň garaşsyzlyklaryna eýe bolmagy bilen sebitde iki garaşsyz döwletiň arasynda gandöküşikli söweş başlady.

Ermenistan şol etapda Daglyk Garabag we töwerekleri bilen birlikde Azerbaýjanyň territoriasynyň 20 göterimini basyp aldy.

Russiýanyň töwellaçylygynda 1994-nji ýylda çaknyşyklaryň bes edilendigine garamazdan dartgynlyk şu günki güne çenli dowam etdi.

 



Degişli Habarlar