Baharyň buşlukçysy Nowruz baýramy Moskwada dabaraly ýagdaýda bellenilip geçildi

Dabara gatnaşyjylara türk dünýäsiniň milli tagamlary hödürlendi

1169735
Baharyň buşlukçysy Nowruz baýramy Moskwada dabaraly ýagdaýda bellenilip geçildi

Baharyň buşlukçysy hökmünde häsiýetlendirlen Nowruz baýramy Russiýanyň paýtagty Moskwada dabaraly ýagdaýda bellenilip geçildi.

Russiýanyň sergi merkezinde geçirlen dabara Gazagystandan, Özbegistandan, Täjigistan, Gyrgyz Respublikasyndan, Azerbaýjandan we beýleki halklardan müňlerçe adam gatnaşdy.

Baýramçylyk dabarasynda türk dünýäsiniň halk aýdym sazlary we tanslary ýerine ýetirildi.

Dabara gatnaşyjylara şeýle hem türk dünýäsiniň milli tagamlary hödürlendi.



Degişli Habarlar