Özbegistan bilen Ukrainanyň Boeing karary

Özbegistan Boeing 737 Max kysymly uçarlara wagtlaýyn howa menzillerini ýapdy

1163343
Özbegistan bilen Ukrainanyň Boeing karary

 

Ukraina Efiopiýadaky uçar heläkçiliginden soň Boeing 737 Max kysymly uçarlara howa giňişliginiň ýapylmagy barada karar kabul etdi.

Ukrainanyň Döwlet Awiasiýa hyzmatlary tarapyndan berlen ýazmaça beýanatda, uçuşlaryň howpsyzlygy üçin Boeing 737 Max 8 we Boeing 737 Max 9 kysymly uçarlara Ukrainanyň howa giňişliginiň ýapylmagy barada kararyň kabul edilendigi nygtaldy.

Özbegistan hem Efiopiýadaky uçar heläkçiliginden soň Boeing 737 Max kysymly uçarlara wagtlaýyn howa menzillerini ýapdy emma şol uçarlaryň özbek howa giňişligini ulanmagyny bolsa gadagan etmedi.

Özbegistanyň Transport ministrligi tarapyndan berlen beýanatda “2019-njy ýylyň 13-nji martyndan başlap Özbegistanyň howa menzilleri bir aý möhlet bilen  Boeing 737 Max 8 we Boeing 737 Max 9 kysymly uçarlara ýapyldy”diýildi.

Beýanatda şol uçarlaryň Özbegistanyň howa giňişligini ulanmagynyň bolsa gadagan edilmändigi bellenildi.

 

 

 



Degişli Habarlar