Azerbaýjanda tussag edilen PKK terrorçysy Özgür Duman Türkiýä beriler

Bu barada Bakuwyň Jenaýat Kazyýeti karar kabul etdi

1159277
Azerbaýjanda tussag edilen PKK terrorçysy Özgür Duman Türkiýä beriler

Bakuwyň Jenaýat kazyýeti Adalat ministrliginiň talabyna laýyklykda türk raýaty Özgür Dumanyň ýurduna gaýtarylyp berilmegini ara alyp maslahatlaşdy. Kazyýet diňlenşiginde Özgür Dumanyň Türkiýä gaýtarylyp berilmegi barada karar kabul edildi.

PKK agza bolmak we partlaýyjy götermek ýaly jenaýatlardan gözlenýän Duman Türkiýeden Gruziýa gaçypdy.

Türkiýäniň halkara derejesinde gözleg kararyny çykarmagyndan son Azerbaýjana baran Duman, Azerbaýjanyň Döwlet Migrasiýa gullugyna ýüz tutup, resminamalaryny ýitirendigini, Siriýanyň raýatydygyny öňe sürüpdi.

Ýalan sözländigi we ekstremist terror guramasy PKK-nyň agzasydygy anyklanan Duman jenaýat işine çekilipdi.



Degişli Habarlar