Gazagystanyň hökümeti Prezident Nazarbaýewiň islegine laýyklykda iş başyndan çekildi

Prezident Nursoltan Nazarbaýew ykdysadyýetiň birnäçe pudagynda ýokary netije gazanylmandygy sebäpli hökümetiň iş başyndan çekilmegini isledi

1150276
Gazagystanyň hökümeti Prezident Nazarbaýewiň islegine laýyklykda iş başyndan çekildi

Premýer ministr Bakytjan Sagintaýew islege laýyklykda hökümetiň iş başyndan çekilýändigi baradaky arzasyny berdi.

Nazarbaýew mesele boýunça beýannama berip, ýurdy üçin möhüm karara gelendigini, sosial we ykdysady şertleriň ozalky ýyllarda durnukly bolandygyny, emma onuň häzirki şertlerde ýeterlik bolmandygyny nygtady.

Nazarbaýew täze hökümetiň halkyň ýaşaýyş şertleriniň ýokarlandyrylmagy, ykdysadyýetiň ösdürilmegi, strategik maksatlaryň iş ýüzüne geçirilmegi üçin netijeli başlangyçlary amala aşyrmalydygyny beýan etdi.

Nazarbaýewiň beýannamasyndan soň prezidentiň saýtynda çap edilen “Przidentiň Kararynda” hökümetiň arzasynyň kabul edilendigi, Wise-premýer Askar Mamaminiň premýer ministriň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirjekdigi we täze hökümet gurulýança kabinetiň agzalarynyň wezipelerini dowam etdirjekdikleri habar berildi.

 



Degişli Habarlar