Türkiýe Özbegistanda daşary ýurt sermaýaly iň köp firma açan ikinji ýurt eýeledi

Özbegistanda daşary ýurt sermaýaly firmalaryň jemi sany 7560-a çenli baryp ýetdi

1126133
Türkiýe Özbegistanda daşary ýurt sermaýaly iň köp firma açan ikinji ýurt eýeledi

Türkiýe, geçen ýyl Özbegistanda daşary ýurt sermaýaly iň köp firma açan ýurtlaryň sanawynda ikinji oruny eýeledi.

Özbegistanyň Döwlet hasabat komiteti tarapyndan berlen beýanatda, 2018-nji ýylda ýurtda daşary ýurt sermaýasy bilen döredilen firmalar hakynda maglumat berildi.

2017-nji ýylda ýurtda daşary ýurt sermaýaly 863 firma açylan bolsa şol san geçen ýyl geçen ýyl 37 göterim artyp 2385-e ýetdi.

1-nji ýanwara çenli ýurtdaky daşary ýurt sermaýaly firmalaryň jemi sany bolsa 7560-a çenli baryp ýetdi.

2018-nji ýylyň netijelerine görä, Özbegistanda iň köp firma açan ýurtlaryň sanawynda 428 firma bilen Russiýa birinji orny eýeleýär.

Türkiýe şol sanawda 364 firma bilen ikinji orny eýeleýär.

Ady agzalýan döwürde Özbegistanda Hytaýyň sermaýasy bilen 351, gazak sermaýasy bilen 246 firma açylýar.

 

 

 


Etiketkalar: #Özbegistan , #maýa , #firma

Degişli Habarlar