“Türkmenleriň ýerlikli talaplarynyň kanagatlandyrylmagy ähli taraplaryň borjy”

Yragyň Prezidenti Berhem Salih; “Türkmenleriň ýerlikli talaplarynyň kanagatlandyrylmagy we Yragyň gaýtadan dikeldilmeginde giňden orun berilmegi ähli taraplaryň borjudyr” diýdi

1124818
“Türkmenleriň ýerlikli talaplarynyň kanagatlandyrylmagy ähli taraplaryň borjy”

Yragyň Prezidentiniň Diwanyndan berilen ýazmaça beýannama görä Salih paýtagt Bagdatda Yrak Türkmen Frontunyň Başlygy Erşet Salihiniň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýetini kabul etdi.

Türkmenleriň Yrakdaky şertleri barada durup geçen Prezident Salih; “Türkmenleriň hakly talaplarynyň kanagatlandyrylmagy we Yragyň gaýtadan dikeldilmeginde giňden orun berilmegi ähli taraplaryň borjudyr” diýdi.

Ýurtda agzybir ýaşamagyň möhümdigini nygtan Salih, syýasy taraplaryň arasyndaky meseleleriň gepleşikler we ylalaşyklar esasynda çözülmelidigini nygtady.

Türkmen wekiliýeti bolsa duşuşykda Yragyň milli jebisligine berýän goldawy, ýurduň syýasy, howpsyzlyk we ykdysady galkynyşyna goşýan goşýan goşandyna ünsi çekdi.

Wekiliýet hökümetiň iş maksatnamasyny goldaýandygyny hem nygtady.



Degişli Habarlar