Özbegistanda “çykyş wizasy” bes edildi

Özbegistan 1-nji ýanwardan başlap daşary ýurtlara syýahat etmäge rugsat berýän “çykyş wizasy” düzgünini bes etdi

1118511
Özbegistanda “çykyş wizasy” bes edildi

Özbegistanyň İçeri işler ministrliginden berilen beýannama görä Prezident Şawkot Mirziýoýewiň 2017-nji ýylyň awgust aýynda daşary ýurtlara syýahat etmäge rugsat berýän çykyş wizasy düzgüniniň bes edilmegi we onuň ýerine ikinji pasport düzgüninin getirilmegi baradaky permana gol çekendigi ýatladylýar.

Şol permana görä daşary ýurtlara çkyş rugsady düzgüni 1-nji ýanwarda bes edildi.

Daşary ýurtlara gitmek isleýän özbek raýatlary mundan beýläk daşary ýurt pasportlaryny ulanarlar.

Beýannamada Özbegistanyň wiza düzgünini goýan ýurtlaryna syýahat etmäge hukuk berýän çykyş wizasy düzgüniniň 1995-nji ýyldan bäri dowam edendigi ýatladyldy.

Täze düzgünde daşary ýurtlara gitmek isleýänlere berilýän pasport 16 ýaşyny dolduran raýatlara 10 ýyllyk, 16 ýaşyny doldurmadyklara bolsa 5 ýyllyk möhlet bilen beriler.

Özbegistanda häzirki wagta çenli pasportlar hem ýurduň içinde hem-de daşary ýurtlara syýahat etmek üçin ulanylýardy.

Raýatlar daşary ýurtlara syýahat etmekleri üçin pasportlaryna içeri işler bölümleri tarapyndan berilýän 2 ýyl möhletli çykyş wizasyny alýardy.



Degişli Habarlar