Aýtmatow Keln şäherinde hatyralandy

Dünýä belli gyrgyz ýazyjysy Çingiz Aýtmatow doglan gününiň 90-njy ýylynda Germaniýanyň Keln şäherinde hatyralandy

1108262
Aýtmatow Keln şäherinde hatyralandy

Ýunus Emre institutynyň Keln şäherindäki bölüminde geçirilen hatyralama çaresine gatnaşan ýazyjy-žurnalist Dr.İrmtruad Guçke Aýtmatowyň ömri we döredijiligi barada gürrüň berdi.

Humbold uniwersitetinde 1976-njy ýylda tamamlan doktorlyk tezisini “Çingiz Aýtmatowyň eserlerinde Adam we tebigat” temasynda ýazan Guçke, Aýtmatow bilen ylmy işi mynasybetli tanyşandygyny we wagtyň geçmegi bilen tanyşlygyň dostluga öwrülendigini aýtdy.

Eserlerinde türk dünýäsiniň söýgi, özboluşlylyk, adalat, jogapkärçilik, wepadarlyk ýaly umumy gymmatlyklaryny işlän Aýtmatowyň halkara şöhrada eýedigini beýan eden Guçke; “Aýtmatow uzak diýarlardan ýewropalylara alyp gelen ýüzlenmeleri bilen bize ýiten gymmatlyklarmyzy ýatladýar we ýatdan çykaranlarymyzy ýaňadandan öwredýär. Kimde kim aslyny gowy bilse, geljek üçin giň garaýyşa eýedir” diýdi.

Ýunus Emre institutynyň Keln şäherindäki bölüminiň müdiri Ýylmaz Bulut bolsa institutlarynyň şol bir wagtda türki dilli döwletleriň hem wekilhanasydygyny nygtap; “2018-nji ýylda Çingiz Aýtmatowyň doglanyna 90 ýyl doldy. Aradan çykanyna bolsa bolsa 10 ýyl boldy. Biz geçirýän şu möhüm çärämiz bilen türk dünýäsiniň umumy gymmatlygy bolan Aýtmatowy hatyralaýarys” diýdi.

 

 



Degişli Habarlar