Çawuşogly Aliýew tarapyndan kabul edildi

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşoglu Gara Deňiz Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasysynyň (KYHG) Daşary işler ministrleriniň 39-njy maslagatynyň çäginde Bakuwa guraýan saparynyň çäginde Prezident İlham Aliýew tarapyndan kabul edildi

1106980
Çawuşogly Aliýew tarapyndan kabul edildi

İlham Aliýew, Prezidentiň kabulhanasynda bolan duşuşykda Azerbaýjan bilen Türkiýäniň ýokary dostluk gatnaşyklaryna eýedigi we iki ýurduň birek biregi elmydama goldaýandygy aýtdy.

Daşary işler ministri Çawuşogly bolsa düýn paýtagt Ankarada bolan otly heläkçiliginde ýoğalanlar üçin duýgudaşlyk bildirmegi mynasybetli Aliýewe sagbolsun aýtdy.

Çawuşogly: “Doganlyk Azerbaýjanyň lideri hökmünde siz şatlykly we gamgyn günde elmydama biziň ýanymyzda bolduňyz. Biz hem elmydama siziň bilen” diýdi.

Azerbaýjanyň KYHG-a üstünlikli ýolbaşçylyk edendigini aýdan Çawuşogly, Azerbaýjanyň öz üstüne alan jogapkärçiligini üstünlikli berjaý edýändigini, ýer eýeçiligini eden maslahatlary netijeli tamamlandygyny nygtady.

İki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň kâmil derejededigine ünsi çeken Çawuşogly; “Siziň Prezidentimiz Erdogan bilen bilelikde edýän liderligiňiz, içgin dostlugyňyz, doganlygyňyz we bize berýän görkezmeleriňiz netijesinde möhüm taslamalary iş ýüzüne geçirdik, entegem edilmeli iş köp” diýdi.

Çawuşogly Garabag meselesi we Azerbaýjanyň territorial bitewiligi meselesinde Türkiýäniň elmydama güýçli goldawynyň dowam etjekdigini sözleriniň üstüne goşdy.



Degişli Habarlar