Gazagystan 11 aýda 66 million tonna nebit eksport etdi

“Nebit önümçiligi geçen ýylyň değişli döwrü bilen deňeşdirilende 4,9 göterim artyp 82,4 million tonna ýetdi”

1104734
Gazagystan 11 aýda 66 million tonna nebit eksport etdi

Gazagystanyň Energetika ministri Kanat Bozumbaýew 11 aýda 66 million tonna nebitiň eksport edilendigini aýtdy.

Bozumbaýew Ministrler kabinetiniň mejlisinde eden çykyşynda ýanwar-noýabr aýlaryny öz içine alýan döwürde energetika pudagynyň uly ösüş edendigini nygtady.

Bozumbaýew “Nebit önümçiligi geçen ýylyň değişli döwrü bilen deňeşdirilende 4,9 göterim artyp 82,4 million tonna ýetdi” diýdi.

Bozumbaýew “Nebit eksporty hem geçen ýylyň dögişli döwrü bilen deňeşdirilende 3,8 göterim artyp 66 million tonna ýetdi”diýdi.

Gazagystanyň Energetika ministri Kanat Bozumbaýew ýurduň tebigy gaz eksportynyň hem geçen ýylyň degişli döwrü bilen deňeşdirilende 14 göterim artyp 17,9 milliard kub metre ýetendigini ýatlatdy.

Bozumbaýew ýurtda 19,6 müň tonna uranyň öndürlendigini aýratyn belledi.

 



Degişli Habarlar