Özbek-gyrgyz gatnaşyklary pugtalanýar

Ismailow Prezident Sooronbaý Jeenbekow tarapyndan kabul edildi

1089477
Özbek-gyrgyz gatnaşyklary pugtalanýar

 

 

Özbegistanyň Mejlisiniň başlygy Nurdinjan Ismailow resmi sapar bilen Gyrgyz Respublikasyna bardy

Nurdinjan Ismailow resmi saparynyň çäginde Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sooronbaý Jeenbekow tarapyndan kabul edildi.

Prezident Jeenbekow kabul edilşikde “Goňşy ýurt Özbegistan bilen edilýän doganlyk gatnaşyklaryna uly ähmiýet berýäris. Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň  alyp barýan syýasatlary netijesinde gyrgyz-özbek gatnaşyklary pugtalanýar. Özbegistana guran resmi saparymyň çäginde özara gatnaşyklarymyzy bökdeýän ähli kynçylyklar çözüldi ” diýdi.

Jeenbekow iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň güýçlenmek bilen dowam etjekdigini aýratyn belledi.

Özbegistanyň Mejlisiniň başlygy Nurdinjan Ismailow hem 60 ýaşyny gutlaýan Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Jeenbekowy mähirli gutlady.

Özbek kärdeşi bilen duşuşan Gyrgyz Respublikasynyň Mejlisiniň başlygy we TÜRKPA-nyň döwürleýin ýolbaşçysy Dastanbek Jumabekow hem Özbegistanyň Mejlisiniň başlygy Nurdinjan Ismailowy noýabr aýynyň 20-21-i aralygynda Türkiýäniň Izmir şäherinde geçiriljek Türki dilli ýurtlaryň Parlamentarlar Assambleýasynyň maslahatyna çagyrdy.

 

 

 

 

 



Degişli Habarlar