Putin iş sapary bilen Gazagystana bardy

Duşuşykda iki ýurduň arasynda syýahatçylyk pudagynda edilýän gatnaşyklaryň has-da ösdürilmegi meselesi seljerilldi

1084874
Putin iş sapary bilen Gazagystana bardy

Gazagystanyň Prezidenti Nursoltan Nazarbaýew 15-nji Gazagystan-Russiýa hyzmatdaşlyk forumyna gatnaşmak üçin Gazagystanyň Petropawlowsk şäherine baran Russiýanyň Prezidenti Wladir Putin bilen duşuşdy.

Duşuşykda iki ýurduň arasynda syýahatçylyk pudagynda edilýän gatnaşyklaryň has-da ösdürilmegi meselesi seljerilldi.

Gazagystan-Russiýa hyzmatdaşlyk forumynyň ähmiýetine ünsi çeken Nazarbaýew iki ýurduň arasynda syýahatçylyk pudagynda edilýän gatnaşyklaryň medeniýete we ykdysady ösüşe goşant goşjakdygyny belledi.

Russiýanyň Prezidenti Putin, Gazagystanyň söwda we ykdysady taýdan ýurdunyň esasy hyzmatdaşygyny, iki ýurduň arasyndaky özara gatnaşyklaryň çalt depginde ösýändigini belledi we syýahatçylyk pudagy boýunça edilýän gatnaşyklaryň ösdürilmegi üçin hem uly mümkinçiligiň bardygyna ünsi çekdi.

 



Degişli Habarlar