Russiýa bilen Özbegistanyň arasynda harby hyzmatdaşlyk

Russiýa bilen Özbegistanyň arasynda howa giňişlikleriniň iki ýurdyň harby uçarlary tarapyndan ulanylmagy bilen bagly şertnama baglaşyldy

1067690
Russiýa bilen Özbegistanyň arasynda harby hyzmatdaşlyk
Sergey Şoygu.jpg

Russiýanyň we Özbegistanyň Goranmak ministrliklerinden berilen beýanata görä, GDA agza ýurtlaryň Goranmak ministrleriniň maslahatyna gatnaşmak üçin Daşkente baran Russiýanyň Goranmak ministri Sergeý Şoýgu Özbegistanyň Goranmak ministri Abdusalom Azizow bilen duşuşyk geçirdi.

Iki ýurdyň arasyndaky harby hyzmatdaşlygyň ýagdaýynyň we mümkinçilikleriniň ele alynan duşuşykda çykyş eden Şoýgu, Russiýanyň Özbegistany Orta Aziýada strategik taýdan hyzmatdaş hökmünde kabul edýändigini habar berdi.

Sergeý Şoýgu häzirki şertlerde esasan hem sebitdäki halkara terroryň ýaýramagy ýaly kynçylyklara we howplara garşy bilelikde göreşilmelidigini belledi.

Özbegistanyň Ýaragly güýçleriniň 340-dan gowrak agzasynyň şu ýyl Russiýadaky harby mekdeplerde bilim almaga başlandygyny aýdan Şoýgu, Russiýanyň we Özbegistanyň Goranmak ministrleriniň arasynda hyzmatdaşlygyň özgerdilmeginden hoşaldygyny belledi.

Duşuşykdan soň Şoýgu we Azizow, Russiýa bilen Özbegistanyň arasynda howa giňişlikleriniň iki ýurdyň harby uçarlary tarapyndan ulanylmagy bilen bagly şertnama gol çekdiler.  

Iki ministr mundan başgada iki ýurdyň Goranmak ministrlikleriniň arasynda 2019-njy ýyl üçin harby hyzmatdaşlyk meýilnamasyna gol çekdiler.


Etiketkalar: #Russiýa , #Özbegistan

Degişli Habarlar