Serbiýanyň Prezidenti resmi sapar bilen Gazagystana bardy

Geçirlen özara we toparara gepleşiklerde iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklar bilen sebitara meseleler seljerildi

1065370
Serbiýanyň Prezidenti  resmi sapar bilen Gazagystana bardy

Serbiýanyň Prezidenti Aleksandar Wujij resmi sapar bilen Gazagystana bardy.

Wujij paýtagt Astana Prezident Nursoltan Nazarbaýew tarapyndan resmi dabara bilen garşylandy.

Geçirlen özara we toparara gepleşiklerde iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklar bilen sebitara meseleler seljerildi.

Gazak lideri Nazarbaýew bilelikdäki metbugat ýygnagynda Gazagystanda Serbiýaly 20 firmanyň iş alyp barýandygyny nygtap, ekerançylyk, senagat, gurluşyk, transport we energetika pudagynda edilýän hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine uly ähmiýet berýändiklerini belledi.

Gazagystanyň Aziýa bilen Ýewropanyň arasynda ýüküň daşalmagy meselesi bilen ýakyndan gyzyklanýandygyna ünsi çeken Nazarbaýew “Ýewraziýa Ykdysadiýet bileleşiginiň Serbiýa bilen erkin söwda zolagyny döretmegi baradaky gepleşikler dowam edýär”diýdi.

Serbiýanyň Prezidenti Wujij hem gepleşiklerde özara syýasy we ykdysady hyzmatdaşlyk meselesinin seljerlendigini belläp “Gazagystan bilen parahatçylyk, durnuklylyk, ykdysady ösüş, raýatlaryň ykdysady güýjüniň artdyrylmagy, jemgyýetiň döwrebaplaşdyrylmagy, ýurduň goranyş güýjüne goldaw berilmegi ýaly ugurlarda ýakyndan hyzmatdaşlyk edilmegi biziň üçin diýseň möhüm” diýdi.

Wujyj Nazarbaýewden Gazagystanyň Serbiýada ilçihana açmagyny isledi.

 



Degişli Habarlar