Türkiýe Azerbaýjanda geçiriljek Halkara Goranyş sergisine 33 firma bilen gatnaşar

Türkiýe Azerbaýjanda geçiriljek Halkara Goranyş sergisi ADEX-e 33 firma bilen gatnaşar

1055632
Türkiýe Azerbaýjanda geçiriljek Halkara Goranyş sergisine 33 firma bilen gatnaşar

Azerbaýjanyň Goranmak ministrligi tarapyndan şu ýyl 3-njisi geçiriljek ADEX, Azerbaýjanyň paýtagty Bakuda şu gün başlar we 27-nji sentýabra çenli dowam eder.

Iki ýyldan bir gezek geçirilýän sergi ilkinji gezek 2014-nji ýylda geçirlipdi.

ADEX Günorta Kawkazyň we Orrta Aziýanyň iň uly goranyş sergilerinden biri.

Sergä Türkiýäniň goranyş senagatynda iş alyp barýan 33 firma gatnaşar.

Sergide türk goranyş senagaty firmalary tarapyndan öndürlen sowutly ulaglar, uçarmanly we uçarmansyz howa ulaglary, deňiz ulgamlary, ýarag ulgamlary, harby egin eşikler bilen logistiki goldaw enjamlary tanyşdyrlar.

Serginiň çäginde sergä gatnaşýan beýleki ýurtlaryň firmalary bilen gepleşikler geçirler.

 

 

 


Etiketkalar: #Azerbaýjan , #sergi , #firma

Degişli Habarlar