Binali Ýyldyrym Özbegistanyň Prezidenti Mirziýoýew tarapyndan kabul edildi

Türkiýäniň Beýik Millet Mejlisiniň başlygy Binali Ýyldyrym Özbegistana guraýan resmi saparynyň çäginde Prezident Şawkat Mirziýoýew tarapyndan kabul edildi

1056078
Binali Ýyldyrym Özbegistanyň Prezidenti  Mirziýoýew tarapyndan kabul edildi

Prezident Mirziýoýew kabul edilşikde tutanýerli tutumyň netijesinde özbek-türk gatnaşyklarynyň strategik hyzmatdaşlyk derejesine göterlendigini nygtady we guralýan ýokary derejeli saparlaryň Türkiýe bilen Özbegistanyň arasynda dürli ugurlarda baglaşylan şertnamalaryň durmuşa geçirilmegine itergi berýändigini aýtdy.

Özbegistanyň Prezidenti Mirziýoýew parlamentleriň hem şertnamalaryň durmuşa geçirilmegi bilen birlikde täze hyzmatdaşlyk taslamalaryna goldaw berilmeginde esasy rol oýnaýandygyny belledi.

TBMM-niň Başlygy Ýyldyrym hem Özbegistanyň soňky döwürde kabul eden uly göwrümli reformalaryny takdyt edýändiklerini nygtap, Türkiýäniň, Özbegistanyň ykdysadyýetiniň we sosial pudagynyň ösmegi üçin ähli tarapalýyn goldaw bermäge taýardygyny belledi.

Mirziýoýew bilen Ýyldyrym kabul edilşikde dostlukly we uzak möhletli strategik gatnaşyklaryň has-da güýçlendirilmelidigini nygtady.

TBMM-niň başlygy Binali Ýyldyrym saparynyň çäginde soň bolsa Özbegistanyň Premýer ministri Abdulla Aripow bilen duşuşdy.

 

 



Degişli Habarlar