Belarusdan prezident derejesinde 24 ýyl soň Özbegistana ilkinji sapar guraldy

Özbegistan-Belarus iş forumynda 200 million dollarlyk şertnama baglaşyldy

1049403
Belarusdan prezident derejesinde 24 ýyl soň Özbegistana ilkinji sapar guraldy

Belarusyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenkonyň Özbegistana guran resmi saparynyň çäginde paýtagt Daşkentde iki ýurduň işewürleriniň gatnaşmagynda Iş forumy geçirildi.

Özbegistanyň Wise-premýeri Nadir Atajanow bilen Belarusyň Wise-premýeri Mihail Rusiýiň ýolbaşçylyk etmeginde geçirlen iş forumynda, iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň ösdürilmegi barada pikir alyşyldy.

Iş forumynda Özbegistanyň Söwda ministri Jamşid Hojaýew, belarusly işewürlere ýurdunyň maýa goýum mümkinçilikleri we daşary ýurtly maýadarlar üçin döredilen ýeňillikler hakynda maglumat berdi.

Özbegistan-Belarus iş forumyndan soň taraplaryň arasynda jemi gymmaty 193,3 million dollara barabar bolan 82 şertnama gol çekişildi.

Forumyň çäginde Daşkentde Belarusda öndürlen harytlaryň sergisi açyldy.

Belarusdan prezident derejesinde 24 ýyl soň Özbegistana ilkinji sapary guran Aleksandr Lukaşenko saparyny dowam etdirýär.

 

 

 

 



Degişli Habarlar