Gazagystanda Stambul gijesi geçirildi

Gazagystanyň paýtagty Astanada Stambul gijesi geçirildi

1026702
Gazagystanda Stambul gijesi geçirildi

Stambul gijesine Gazagystandaky diplomatlar klubynyň agzalary, Gazagystanda iş alyp barýan daşary ýurtly ilçiler bilen köp sanly myhman gatnaşdy.

Stambul gijesinde myhmanlara döner, palaw, sarma ýaly türk tagamlary hödürlendi.

Türk aýdym sazlary ýerine ýetirildi.

Stambul gijesiniň guramaçylaryndan Tansel Terjan şuňa meňzeş medeni çäräniň aýda iki gezek geçiriljekdigini belledi.

Terjan Gazagystan bilen Türkiýäniň medeni taýdan biri-biriniň içinden eriş-argaç bolup geçýan jemgyýetlerden ybaratdygyna ünsi çekdi.

 

 

 


Etiketkalar: #Gazagystan , #Astana , #Stambul

Degişli Habarlar