Özbegistanyň we Gazagystanyň ýaragly güýçleri bilelikde harby türgenleşik geçirdi

Taraplaryň arasynda şuňa meňzeş türgenleşikleriň geçirilmegi babatynda ylalaşyk gazanyldy

1018657
Özbegistanyň we Gazagystanyň ýaragly güýçleri bilelikde harby türgenleşik geçirdi

Özbegistanyň Goranmak ministrliginden berlen beýanatda ilkinji etaby iýul aýynyň 10-16-sy aralygynda Gazagystanyň Matybulak harby merkezinde geçirlen bilelikdäki türgenleşigiň ikinji etabynyň Özbegistanyň daglyk Faryş harby merkezinde geçirlendigi nygtaldy.

Özbegistanyň Goranmak ministri Abdulsalom Azizow bilen Gazagystanyň Goranmak ministri Saken Jasuzakowyň gatnaşmagynda geçirlen bilelikdaki harby türgenleşikde ýaraglar we harby enjamlar bilen birlikde Su-25 harby uçary bilen Mi-24 kysymly dik uçar hem ulanyldy.

Beýanatda taktiki tälim türgenleşiginiň çäginde berlen jogapkärçilikleriň özbek we gazak esgerleri tarapyndan üstünlikli ýagdaýda ýerine ýetirlendigi nygtaldy.

Taraplaryň arasynda şuňa meňzeş türgenleşikleriň geçirilmegi babatynda ylalaşyk gazanylandygy ýatladyldy.

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 



Degişli Habarlar