Türkiýäniň Daşary işler ministri Azerbaýjana sapar gurar

Türkiýäniň Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly 24-nji iýulda sişenbe güni Azerbaýjana resmi sapar gurar.

1017060
Türkiýäniň Daşary işler ministri Azerbaýjana sapar gurar

Saparyň iki ýurdyň arasyndaky strategik we köptaraplaýyn gatnaşyklaryň gün tertibinde bolan ikitaraplaýyn, sebitleýin we köp taraply meseleler barada pikir alyşylmagyna mümkinçilik berjekdigi pikir edilýär. 

Çawuşoglynyň Azerbaýjana gurajak saparynyň Prezident Rejep Taýýip Erdoganyň 10-njy iýulda Azerbaýjana guran saparynda ele alynan meseleleriň gözegçiligi taýdan peýdaly boljakdygy çak edilýär. 

Mewlüt Çawuşogly saparynda azerbaýjanly kärdeşi Elmar Memmedýarow bilen duşuşmak bilen birlikde Prezident Ilham Aliýew we Premýer ministr Newruz Memmedow tarapyndan hem kabul edilmegine garaşylýar. 

 



Degişli Habarlar