Özbegistanda Oraza baýramynda ilkinji gezek günägeçişlik yglan edildi

Özbegistanyň Prezidenti Şewket Mirziýoýew ýurdyň taryhynda ilkinji gezek Oraza baýramy mynasybetli tussaglylaryň günäleriniň geçilmegi bilen bagly kararnama gol çekdi

991521
Özbegistanda Oraza baýramynda ilkinji gezek günägeçişlik yglan edildi

Şoňa laýyklykda eden günäsine puşman bolan 226 tussaglynyň günäleri geçiler.

Kararnama laýyklykda şol çäkde 102 tussagly azat ediler, 71 tussagly şert bilen azat ediler, 39 tussagly höküminiň beýleki höküm bilen üýtgedilmegi netijesinde azat ediler, 14 tussaglynyň bolsa jeza möhletleri azaldylar.

Prezident tarapyndan gol çekilen kararnama görä azat ediljekleriň 40-y 60 ýaşdan uly bolan adamlardan, 39-y daşary ýurtlylardan, 37-si zenanlardan, 51-i bolsa bikanun guramalaryň agzalaryndan ybarat.

Kararnama bilen azat ediljekleriň jemgyýet bilen utgaşmaklary we işläp bilmekleri üçin döwlet guramalary gerek bolan goldawy berer.

Özbegistanda ozal garaşsyzlyk we konstitutsiýa günlerinde günägeçişlik yglan edilýärdi.



Degişli Habarlar