Türk we gazak firmasy uçarmansyz howa ulagynyyň öndürilmegi üçin hyzmatdaşlyk eder

Türk Awiasia we Kosmos senagaty firmasy TUSAŞ/TAI Kazagystanyň KAI firmasy bilen uçarmansyz howa ulagy Ankanyň we täze nesil tälim uçary Hürkuşyň öndürilmegi üçin hyzmatdaşlyk eder

978168
Türk we gazak firmasy uçarmansyz howa ulagynyyň öndürilmegi üçin hyzmatdaşlyk eder

TAI-den berlen beýanata görä, firma Gazagystanda geçirlen ýarag ulgamlary we kosmos tehnalogiýalary sergisi KADEX-2018-iň çäginde ýurduň iň uly awiasia firmasy KAI bilen hyzmatdaşlyk şertnamasyny baglaşdy.

Şertnama laýyklykda TAI bilen KAI Hürkuşy we Ankany bilelikde öndürer.

Iki firmanyň arasyndaky hyzmatdaşlyk Türkiýe bilen Gazagystanyň arasyndaky goranyş senagatynda edilýän hyzmatdaşlygyň güýçlenmegine itergi berer.


Etiketkalar: #türk , #gazak , #TAI

Degişli Habarlar