Haýdar Aliýewe bagyşlanan “Halkyna ýol görkezen” atly kitap gazak diline terjime edildi

Kitap Gazagystanyň Birinji Prezidenti kitaphanasynda dabaraly ýagdaýda tanyşdyryldy

973311
Haýdar Aliýewe bagyşlanan “Halkyna ýol görkezen” atly kitap gazak diline terjime edildi

Azerbaýjanyň ozalky lideri Haýdar Aliýewiň doglan gününiň 95 ýyllygyna bagyşlanyp çykarlan we sözbaşysy Gazagystanyň Prezidenti Nursoltan Nazarbaýew tarapyndan ýazylan “Halkyna ýol görkezen” atly kitap gazak diline terjime edildi.

Kitap Gazagystanyň Birinji Prezidenti kitaphanasynda dabaraly ýagdaýda tanyşdyryldy.

Kitabyň tanyşdyrylyş dabarasyna Azerbaýjanyň Prezidentiniň syýasy we sosial işlerden jogapkär kömekçisi Ali Hasanow, Azerbaýjanly halk deputatlary we Halkara Türk Akademiýasynyň başlygy Prof. Dr. Darhan Kydyrali bilen birlikde ylmy işgärler gatnaşdy.

“Halkyna ýol görkezen” atly kitapda merhum lider Haýdar Aliýewi ýakyndan tanaýan ýurtlaryň döwlet we hökümet baştutanlarynyň, daşary işler ministrleriniň, syýasatçylaryň we işewür adamlarynyň ýatlamalaryna ýer berilýär.



Degişli Habarlar