ABŞ Gazagystanyň üstü bilen Owganystana ýük daşar

Nazarbaýew ABŞ-nyň Owganystana Hazar deňzindäki Aktau we Kurik portlaryndan üstaşyr ýük daşamagyny göz öňünde tutýan teswirnamany tassyklady

964508
ABŞ Gazagystanyň üstü bilen Owganystana ýük daşar

 

Gazagystanyň Prezidenti Nursoltan Nazarbaýew ABŞ-nyň Owganystana Hazar deňzindäki Aktau we Kurik portlaryndan üstaşyr ýük daşamagyny göz öňünde tutýan teswirnamany tassyklady.

Kazahstanskaýa Prawda gazetiniň habaryna görä, Prezident Nazarbaýew ABŞ bilen Gazagystanyň arasyndaky ýörite ýükleriň Gazagystanyň üstaşyr daşalmagyny öz içine alýan şertnama üýtgetme girizilmegi babatyndaky teswirnamany tassyklady.

Teswirnama ABŞ-nyň Gazagystanyň Aktau we Kurik portlary arkaly Owganystana ýük daşamagyny göz öňünde tutýar.

Gazagystan bilen ABŞ “Ýörite ýükleriň demir ýol gatnawynyň Gazagystanyň üstaşyr dalaşmagy barada 2010-njy ýylyň 20-njy iýunynda şertnama baglaşypdy.

 

 



Degişli Habarlar