Gyrgyz Respublikasynda hökümet iş başyndan çekildi

Gyrgyz Respublkasynda Premýer ministr Sapar İsakowyň şärikdeş hökümeti ynam sesini alyp bilmändigi sebäpli iş başyndan çekildi

954737
Gyrgyz Respublikasynda hökümet iş başyndan çekildi

Parlamentdäki oppozision Ataýurt-Respublikan partiýasynyň halk deputaty Žyrgalbek Tursunkulow düýn bäş partiýadan üçüsiniň hökümetiň 2017-nji ýyldaky habarnamasyny üstünliksiz diýip hasaplap, hökümet üçin ynam sese goýulşygynyň gaýtadan geçirilmegini isledi.

İslegiň Mejlisiň Konstutsion ýörelgeler, döwlet ulgamy, kazyýet we hukuk işleri baradaky komissiýasynda kabul edilmeginden soň geçirilen sese goýulşykda İsakowyň ýolbaşçylyk edýän hökümeti ynam sesini alyp bilmedi.

Gyrgyz mejlisiniň günortadan soň täze hökümet üçin maslahat geçirmegine garaşylýar.

Ozalky Prezident Almazbek Atambaýewiň goldaw bermeginde premýer ministrlige bellenen 40 ýaşly İsakow, kabinetiň ykdysadyýetdäki başarnyksyzlygy sebäpli tankyt edilýärdi.

İsakow ýurduň 26 ýyllyk garaşsyzlyk taryhynda 28-nji premýer ministrdi.



Degişli Habarlar