Azerbaýjanda ertir prezident saýlawy geçirler

Saýlawda häzirki Prezidenti Ilham Aliýew bilen birlikde jemi 8 dalaşgär bäsleşer

948120
Azerbaýjanda ertir prezident saýlawy geçirler

 

Azerbaýjanyň halky ertir täze prezidentini saýlamak üçin ses berer.

Saýlawda häzirki Prezidenti Ilham Aliýew bilen birlikde jemi 8 dalaşgär bäsleşer.

Dalaşgärler 7 ýylyň dowamynda Azerbaýjany dolandyrmak üçin bäsleşer.

Azerbaýjanyň Merkezi saýlaw geňeşi prezident saýlawy üçin  saýlawçylaryň ýurduň içinde we daşynda gurlan 5 müň 641 merkezde ses berjekdigini habar berdi.

Saýlawda belli alynan 5 million 309 müň saýlawçy ses berer.

Ýerli wagt bilen sagat 08.00-da başlajak saýlaw 19.00-a çenli dowam eder.

 



Degişli Habarlar