Täjigistan 9 ýyl soň ýaňadandan Özbegistana elektrik toguny satmaga başlady

Beýanatda Özbegistanda 1 ýylda jemi 1,5 kw sagat elektrik togunyň satylmagynyň meýilleşdirilýändigi bellenildi

943356
Täjigistan 9 ýyl soň ýaňadandan Özbegistana elektrik toguny satmaga başlady

Soňky döwürde özara gatnaşyklaryny ösdürýän Özbegistan bilen Täjigistan gümrük geçelgeleriniň açylmagyndan, 30 günlük wizasyz syýahat ulgamynyň güýje girmeginden we 25 ýyl soň ýaňadandan uçar saparlarynyň başlamagyndan soň elektrik geçiriji ulgamlaryny ýaňadandan birleşdirdi.

Täjigistanyň hökümeti tarapyndan berlen beýanatda Regar we Özbegistanyň Gulça elektrik geçiriji ulgamlarynyň ulanylmaga başlandygy we Täjigistanyň Özbegistana elektrik togyny satmaga başlandygy ýatladyldy.

Beýanatda Özbegistanda 1 ýylda jemi 1,5 kw sagat elektrik togunyň satylmagynyň meýilleşdirilýändigi bellenildi.

Özbegistanyň 1 kw sagat elektrik togy üçin tomus paslynda 2 sent, gyş paslynda bolsa 2,5 sent tölejekdigi ýatladyldy.

 



Degişli Habarlar