Azerbaýjan prezident saýlawyna taýarlanýar

Azerbaýjanda geçiren sowalnamalarynda Prezident İlham Aliýewiň sesleriň 83 göterimini aljakdygy anyklanyldy

943477
Azerbaýjan prezident saýlawyna taýarlanýar

Azerbaýjanda 11-nji aprelde geçiriljek prezident saýlawynda Täze Azerbaýjan partiýasynyň dalaşgäri häzirki prezident Ilham Aliýew, Azerbaýjan Halk bileleşik frondy partiýasynyň dalaşgäri Gudret Gasanguliýew, Sosýal-Demokrat partiýasynyň dalaşgäri Azar Alizade, Azerbaýjan Milli direliş partiýasynyň dalaşgäri Ferej Quliýew, Azerbaýjan Halk frondyndaky oppozisionerleriň dalaşgäri Razi Nurullaýew bilen birlikde garaşsyz dalaşgär Zahid Oruç we Demokrat paertiýasynyn dalaşgäri Sardar Mamedow bäsleşer.

Amerikaly we Fransiýaly firmalaryň bilen jemgyýetçilik guramalarynyň 11-nji aprelde geçiriljek prezident saýlawy barada Azerbaýjanda geçiren sowalnamalarynda Prezident İlham Aliýewiň sesleriň 83 göterimini aljakdygy anyklanyldy.

 



Degişli Habarlar