Orta Aziýa ýurtlary söwda mukdaryny 5 milliard dollara ýetirmegi maksat edinýär

Orta Aziýa ýurtlarynyň liderleri Astanada jemlenişdi

930709
Orta Aziýa ýurtlary söwda mukdaryny 5 milliard dollara ýetirmegi maksat edinýär

Gazagystanyň paýtagty Astanada geçirlen Orta Aziýa ýurtlarynyň Döwlet Ýolbaşçylarynyň maslahatynda sebitde ýerleşýän ýurtlaryň arasyndaky söwda mukdarynyň 5 milliard dollara ýetirilmegi maksat edinildi.

Gazagystanyň Prezidenti Nursoltan Nazarbaýewiň ýolbaşçylyk etmeginde Prezident köşgünde geçirlen maslahata Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sooronbaý Jeenbekow, Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew, Täjigistanyň Prezidenti Imamali Rahman bilen birlikde Türkmenistanyň Mejlisiniň başlygy Akja Nurberdiýewa gatnaşdy.

Maslahatda Orta Aziýa ýurtlarynyň arasyndaky söwda, ykdysadyýet, aragatnaşyk pudagy bilen birlikde beýleki ugurlarda edilýän hyzmatdaşlyklar ara alnyp maslahatlaşyldy.

Kabul edilen bilelikdäki jarnama barada metbugata beýanat beren Gazak Lideri Nazarbaýew “Orta Aziýa ýurtlarynyň arasynda 2 milliard dollara barabar bolan söwda mukdaryny 5 milliard dollara ýetirmek babatynda ylalaşyk gazandyk” diýdi.

Owganystandaky ýagdaýyň sebitde ýerleşýän ýurtlary aladalandyrýandygyna ünsi çeken Nazarbaýew, howpsyzlyk taýdan hem ýakyndan hyzmatdaşlyk etmek boýunça ylalaşandyklaryny belledi.

Nursoltan Nazarbaýew medeni gatnaşyklaryň ösdürilmegi üçin ýaşlaryň arasynda dürli medeni çäreleriň geçiriljekdigini, talyp çalşygy we syýahatçylyk pudagynyň ösdürilmegi meselesini seljerendiklerini ýatlatdy.

Nazarbaýew Orta Aziýa ýurtlarynyň Döwlet Ýolbaşçylarynyň indiki maslahatynyň 2019-njy ýylyň mart aýynda Özbegistanyň paýtagty Daşkentde geçirilmegi babatynda kararyň kabul edilendigini aýtdy.

Prezident Nursoltan Nazarbaýew maslahatyň çäginde Gyrgyz we Özbek kärdeşleri bilen iki çäk duşuşyklar geçirdi.

 

 



Degişli Habarlar