Binali Ýyldyrym Azerbaýjanyň Prezidenti Aliýew tarapyndan kabul edildi

Türkiýäniň Premýer ministri Binali Ýyldyrym Nizami Genjewi Halkara merkezi tarapyndan guralýan VI Global Baku forumyna gatnaşmak üçin sapar bilen baran Azerbaýjanda ýurdyň Prezidenti Ilham Aliýew tarapyndan kabul edildi

930007
Binali Ýyldyrym Azerbaýjanyň Prezidenti Aliýew tarapyndan kabul edildi

Duşuşykda Türkiýe bilen Azerbaýjanyň ähli ugurlarda we ähli platformada biri-biriniň ýanyndadygy bellendi.

Premýer ministrlik çeşmelerinden alynan maglumata görä duşuşykda dost we dogan Azerbaýjan bilen ýokary derejeli saparlaryň dowam etdirilmeginiň möhümdigi nygtalyp geçildi.

Türkiýe bilen Azerbaýjanyň ähli ugurlarda we ähli platformada biri-biriniň ýanyndadygy bellendi. Şol çäkde Karabag meselesine berilýän umumy ähmiýet nygtaldy, Baku-Tbilisi-Kars demir ýoly we TANAP taslamasy ýaly taslamalaryň gatnaşyklara, sebitiň ykdysadyýetine we durnulylygyna goşandy ele alyndy.

Prezident Aliýew bolsa Premýer ministr Ýyldyrymy Bakuda görmekden hoşaldygyny belläp, doganlyk iki ýurdyň arasynda ähli ugurlarda ýakyndan hyzmatdaşlygyň dowam etjekdigini we biri-biriniň ýanynda bolmagyny dowam etdirjekdigini beýan etdi.



Degişli Habarlar