Türk Premýer ministr Ýyldyrym Azerbaýjana bardy

Türkiýäniň Premýer ministri Binali Ýyldyrym Azerbaýjanda resmi saparda bolýar

929775
Türk Premýer ministr Ýyldyrym Azerbaýjana bardy

Binali Ýyldyrym saparynyň çäginde Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew tarapyndan kabul edildi.

Zagulba köşgünde metbugat işgärlerine ýapyk häsýetde geçen kabul edilşik takmynan 1 sagat dowam etdi.

Ýyldyrym ondan soň bolsa Prezident Aliýew tarapyndan hormadyna berilen nahara gatnaşdy.

Azerbaýjanyň Milli Mejlisiniň başlygy Oktaý Asadow tarapyndan hem kabul edilen Premýer ministr Ýyldyrym kärdeşi Artur Rasizade bilen hem duşuşyk geçirer.

Binali Ýyldyrym şu ýyl “Gatnaşýan jemgyýetleri emele getirmek üçin tapawutlary azaltmak” temasy bilen geçiriljek VI Global Baku forumynyň açylyşynda we “Güýç: Beýik güýçler we beýlekiler” temaly bölümde çykyş eder.

Premýer ministr Binali Ýyldyrym foruma gatnaşjak beýleki ýurtlaryň döwlet we hökümet baştutanlary bilen ikiçäk duşuşyklar geçirer, metbugat we işewür dünýäsiniň wekilleri bilen pikir alyşar.



Degişli Habarlar