Türkiýe we Özbegistan terrorçylyga garşy göreşde hyzmatdaşlygy ösdürer

Interpol Departamentiniň başlygy Çiçek Özbegistanyň Içeri işler ministrliginiň resmileri bilen duşuşdy

911790
Türkiýe we Özbegistan terrorçylyga garşy göreşde hyzmatdaşlygy ösdürer

Interpol Departamentiniň başlygy Lütfi Çiçek şol çäkde Özbegistanyň Içeri işler ministrliginiň Terrorçylyga garşy göreş boýunça Baş müdiri  Oktam Muradow we Interpolyň Özbegistandaky departamentiniň başlygy Rustam Israilow bilen duşuşdy.

Özbegistanyň Içeri işler ministrliginiň metbugat merkezinden berilen beýanata görä Çiçek we bileligindäki türk wekiliýeti özbek içeri işler resmileri bilen geçiren duşuşygynda taraplaryň arasynda döwrebap howplara garşy göreşde hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi barada pikir alyşdy.

Beýanatda Özbegistan bilen Türkiýäniň arasynda söwda-ykdysady, syýahatçylyk, sport, ylmy-tehniki we medeniýet ugurlarynda bolşy ýaly howpsyzlyk  ugurlarynda hem ýokary hyzmatdaşlygyň ýola goýulandygy nygtalýar.

Halkara terrorizm, ekstremizm, bikanun neşe we adam söwdasy ýaly jenaýatlaryň günsaýyn artýandygyna üns çekilen beýanatda şol çäkde türk we özbek içeri işler edaralarynyň bilelikdäki çärelerini ýaýbaňlandyrmagynyň we hyzmatdaşlygy ýokary derejä ýetirmeginiň ähmiýeti nygtalýar.



Degişli Habarlar