Prezident Erdogan Özbegistana gynanç bildirdi

Türkiýäniň Prezidenti R.T. Erdogan Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy

891784
Prezident Erdogan Özbegistana gynanç bildirdi

Prezident Diwany çeşmelerinden alynan maglumata görä Erdogan özbek kärdeşi bilen geçiren telefon söhbetdeşliginde Gazagystandaky awtobus heläkçiliginde ýogalan Özbegistanyň raýatlary sebäpli gynanç bildirdi.

Awtobus heläkçiliginde ýogalan adamlara Alladan rehnet, ýaralanan adamlarayň bolsa tiz wagtda sagalmaklaryny dilän Türkiýäniň Prezidenti Türkiýe hökmünde Özbegistanyň gam-gussasyny paýlaşýandyklaryny belledi.

Gazagystanyň günorta-günbatarynda Samara-Çimkent ýolunda, Aktöbe şäheriniň 320 kilometr alysynda ýolagçy awtobusynda ýüze çykan ýangyn Özbegistanyň 52 raýatynyň ýogalmagyna, 5 raýatynyň bolsa ýaralanmagyna sebäp bolupdy.



Degişli Habarlar