DKTR-da ýekşenbe güni geçirlen irki saýlawyň resmi netijeleri belli boldy

DKTR-da ýekşenbe güni geçirlen irki saýlawyň resmi netijeleri beýan edildi

885140
DKTR-da ýekşenbe güni geçirlen irki saýlawyň resmi netijeleri belli boldy

Ýokary saýlaw geňeşi ýekşenbe güni geçirlen irki saýlawyň resmi netijelerini beýan etdi.

Ýokary saýlaw geňeşiniň başlygy Narin Ferdi Şefik paýtagt Lefkoşada ýagny Nikosiýada saýlawyň netijeleri barada metbugata beýanat berdi.

Saýlawyň resmi netijelerine görä, Premýer ministr Hüseýin Özgürgüniň ýolbaşçylygyndaky Milli jebislik partiýasy UBP sesleriň 35,57 göterimini alyp birinji boldy, Jemhuriýetçi türk partiýasy JTP bilen Demokrat partiýa DP bolsa ses sanyny ýitirdi.

Saýlawyň birinji partiýasy UBP 21, JTP 12, Halkyň partiýasy HP 9, Jemgyýetçilik demokrat partiýa TDP 3, DP-3, Täzeden dogluş partiýasy ÝDP 2 halk deputaty bilen mejlisde wekilçilik etmäge hukuk gazandy.

 

 



Degişli Habarlar