DKTR-da geçirlen saýlawda UBP sesleriň 36,05 göterimini alyp birinji boldy

Saýlawlarda Premýer ministr Hüseýin Özgürgüniň ýolbaşçylygyndaky milliýetçi Milli bileleşik partiýasy UBP sesleriň 36 göterimini alyp birinji boldy

883494
DKTR-da geçirlen saýlawda UBP sesleriň 36,05 göterimini alyp birinji boldy

 

Demirgazyk Kipr Türk Respublikasynda Mejlisiň täze 50 agzasyny saýlamak üçin geçirlen irki saýlawlarda Premýer ministr Hüseýin Özgürgüniň ýolbaşçylygyndaky milliýetçi Milli bileleşik partiýasy UBP sesleriň 36 göterimini alyp birinji boldy.

Saýlawyň netijeleri Demirgazyk Kiprde täze şäriklik hökümetiniň guruljakdygyny görkezýär.

Resmi bolmadyk netijelere görä, UBP sesleriň 36,05 göterimini alyp birinji boldy.

Sanalan sesleriň 20,8 göterimini alan  Jemhuriýetçi Türk partiýasy JTP ikinji, sesleriň 16,74 göterimini alan Halkyň partiýasy HP üçünji, sesleriň 8,06 göterimini alan Demokrat partiýa  DP dördünji, sesleriň 7,99 göterimini alan  Jemgyýetçilik demokrat partiýasy TDP bäşinji we sesleriň 7,45 göterimini alan Täzeden dogluş partiýasy ÝDP bolsa altynjy orny eýeledi.

Saýlawyň ilkinji netijeleriniň beýan edilmeginden soň UBP partiýasynyň merkezi jaýynyň öňünde jemlenşen partiýanyň agzalary saýlaw ýeňişlerini gutlady.

Partiýanyň merkezi jaýyna giden Premýer ministr Özgürgün hem saýlawyň netijeleri hakynda beýanat berdi.

Saýlaw kampaniýasynyň demokratik we aç-açan ýagdaýda alnyp barylandygyny aýdan Özgürgün “Halk UBP partiýasyna uly jogapkärçilik berdi we bu jogapkärçiligi üstünki ýagdaýda ýerine ýetireris” diýdi.

Özgürgün Kipr tük halkyna özlerine beren goldawlary üçin minnetdarlyk bildirdi



Degişli Habarlar